«Barselona» La Liganyň duşuşygynda «Atletikony» 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi
«Barselona» La Liganyň 14-nji tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňdi.
Barselonada bolan duşuşyk 3:1 hasabynda katalonlylaryň peýdasyna tamamlandy. Ýeňşe ýeten toparyň gollaryny Rafinýa (26-njy minut), Dani Olmo (65) hem-de Ferran Torres (90+7) dagy geçirdi.
36-njy minutda Robert Lewandowskiniň 11 metrlik jerime urgusyny geçirip bilmändigini hem bellemek gerek. «Atletikonyň» ýeke-täk goluna Alehandro Baena (19) awtorlyk etdi.
Şeýlelikde, «Barselona» 37 utuk toplady we ikinji orunda barýan «Realdan» 4 ball öňe geçmek bilen, ýaryş tertibiniň başyny çekmegini dowam etdirýär. Madridleriň ätiýaçda bir oýnunyň bardygyny ýatladýarys. «Atletiko» (31 utuk) dördünji orny eýeleýär.
