Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Türkmenistany Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Ilçi britan diplomatlarynyň bu taryhy Kararnamanyň tekstini taýýarlamakda türkmen kärdeşleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, möhüm orun eýeländigini belledi. Bu tagallalar netijesinde dünýä bileleşigi Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, çäk bitewüligine we Bitaraplyk derejesine hormat goýmaga çagyryldy, bu bolsa 2015-nji we 2025-nji ýyllardaky Kararnamalarda ýene-de tassyklandy.
Stiwen Konlon her ýyl 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň Türkmenistanyň özboluşly halkara derejesini alamatlandyrýandygyny nygtady. Üç onýyllygyň dowamynda ýurt özüni ygtybarly hyzmatdaş we Bitarap araçy hökmünde tanatdy, parahatçylyk başlangyçlary üçin meýdança hödürledi we BMG-niň sebit durnuklylygyny berkitmek boýunça tagallalaryny goldady. Ol Türkmenistanyň halkara hukugynyň ýörelgelerini mundan beýläk-de yzygiderli gorajakdygyna ynam bildirdi.
Şanly sene mynasybetli Beýik Britaniýa Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirip, olaryň Bitaraplygy berkitmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ýüzlenmäniň ahyrynda Stiwen Konlon Beýik Britaniýanyň Türkmenistanyň ugruny hemişe goldaýandygyny tassyklady we özara hormat goýmaga hem-de umumy gymmatlyklara esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine umyt bildirdi.
