Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk: ýaşlar geljegimiziň beýik sütünleridir

Dek 3, 2025 - 09:30
Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk: ýaşlar geljegimiziň beýik sütünleridir

Türkmenabat şäheriniň Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan «Bitaraplyk — bagtymyzyň gözbaşy» atly duşuşyk häzirki zaman ýaşlarynyň jemgyýetçilik işjeňligini artdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan çärä öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre ýaşlarynyň gatnaşmagynda giň gerimde geçirildi.

Duşuşyk açylanda çykyş edenler ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň dünýäniň parahatçylyk ulgamynda aýratyn nusga hökmünde kabul edilýändigini, şeýle-de bu ýörelgäniň diňe döwlet syýasatynda däl, jemgyýetiň her gatlagynda ornaşýandygyny nygtadylar.

Çäräniň dowamynda çykyş eden ýaşlar Bitaraplygyň rowaç alan ýyllary içinde ýurdumyzda döredilen giň mümkinçilikler, halkara gatnaşyklar ulgamynda gazanylan üstünlikler, dünýä döwletleri bilen mynasyp hyzmatdaşlyk barada öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Bu ýyllyk diňe bir döwlet derejesindäki baýramçylyk däl, eýsem ýurduň her bir raýatynyň parahatçylykly geljege bolan ymtylmasynyň beýany hökmünde häsiýetlendirildi.

Duşuşygyň dowamynda döwletimiziň halkara syýasatynyň ýaşlaryň dünýägaraýşyna ýetirýän täsirleri, ýaşlaryň parahatçylyk diplomatiýasyna goşýan goşandy, şeýle hem täze başlangyçlar baradaky pikir alyşmalar gyzgalaňly geçdi. Olar häzirki döwürde ýaşlaryň jemgyýetde öňdebaryjy orny eýelemeginiň ähmiýetini belläp, Bitaraplyk ýörelgelerini geljekki nesillere ýetirmekde özleriniň hem jogapkärdigini aýtdylar.

Bu görnüşli duşuşyklar ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini artdyrmak bilen birlikde, olaryň ýurdumyzyň halkara abraýyny gorap saklamaga we ony mundan beýläk ösdürmäge bolan ruhy taýýarlygyny ýokarlandyrýar.

Gülşat ÇARYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni