Dubaýda dünýä çempionaty geçýär: türkmen boksçulary 300 müň dollara eýe bolup biler

Dek 3, 2025 - 17:06
Dubaýda dünýä çempionaty geçýär: türkmen boksçulary 300 müň dollara eýe bolup biler

2 — 13-nji dekabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Halkara Boks assosiasiýasy (IBA) tarapyndan boks boýunça XXIII dünýä çempionaty geçirilýär.   

Abraýly ýaryşa Türkmenistandan üç türgen wekilçilik edýär. Olar Özbegistanda geçen okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň netijesinde saýlanan boksçulardyr. Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň habar berşi ýaly, milli ýygyndy topara ýurdumyzyň aşakda görkezilen zehinli türgenleri girýär:

Yhlas Gylyçjanow (60 kg çenli, 25 ýaş),

Baýramdurdy Nurmuhammedow (71 kg çenli, 23 ýaş)

Döwlet Yslamow (92 kg-den ýokary, 24 ýaş)

Ýaryşyň baýrak gaznasy 8,32 million dollar. Her bir agramyň ýeňijisi 300 müň dollara eýe bolar. Kümüş medala eýe bolan boksçular 150 müň, Hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başaran türgenler bolsa 75 müň amerikan dollaryny alarlar. Bäşinji orun üçin 10 müň dollar berler. Medallara eýe bolan türgenler bu pul möçberiniň ýarysyny alarlar. Onuň 25 %-i boksçynyň tälimçisine, ýene 25 %-i bolsa milli federasiýa gowşurylar.  

Çempionat 13 agramda geçiriler. 4 — 11-nji dekabrda ähli agramlaryň deslapky duşuşyklary ýaýbaňlandyrylar. 12-nji dekabrda «IBA.PRO» ýaryşynyň esasy wakasy — super agyr agramda WBA derejesi ugrundaky boks duşuşygy geçiriler. Bu ýerde rus boksçusy Murat Gassiýew bilen bolgariýaly Kubrat Pulýew ringde duşuşar.  

13-nji dekabrda ähli agramlaryň final duşuşyklary geçiriler.

Ýaryşa 120 ýurtdan güýçli boksçular gatnaşar.