Farap adynyň döreýşi

Dek 3, 2025 - 11:42
Dek 3, 2025 - 11:49
Farap adynyň döreýşi

Lebap welaýatynyň gündogarynda ýerleşýän Farap sebitiniň taryhy köklerini yzarlap başlasaň, onuň adynyň we topragynyň müňýyllyklaryň dowamynda dürli medeniýetlere we halklara ýaýrandygy ýüze çykýar. Bu ýerde Amyderýanyň we onuň gaýry akymlarynyň ähli döwürlerde sebit ýaşaýjylary üçin ýaşaýyş çeşmesi bolup hyzmat edişi Farabyň adamzat taryhynda aýratyn orun eýeleýändigini görkezýär. Farap diňe bir häzirki wagtda edara-jemgyýetçilik taýdan uly etrap bolman, eýsem, müňlerçe ýyllyklaryň dowamynda peýda bolup ýiten kerwen ýollarynyň, gadymy medeni ojaklaryň, oba hojalygynyň, suw bilen bagly ýaşaýyş medeniýetiniň hem merkezidir.

Farap adynyň gelip çykyşy barada birnäçe ylmy seljermeler bar. Ençeme taryhy çeşme bu adyň pars dilindäki “far” – boý, ýagny ýaka we “âb” – suw diýen sözleriň birleşmesinden gelip çykandygyny belleýärler. Bu many geografiýa taýdan hem doly gabat gelýär, sebäbi häzirki Farap etraby gadymda Amyderýanyň bir akymynyň kenarynda ýerleşipdir. Şonuň üçin Farap sözi “suw boýnundaky ýer, derýanyň ýakasyndaky mesgen” manysyny berýär. Şeýle-de bolsa, türki dillerde “barap / parap” görnüşleri “geçelge, ýol üstündäki saklanýan nokat, düşelge” diýen manylary hem beripdir. Farabyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, kerwenleriň saklanýan, düşläp geçýän ýeriniň bolandygy hem ýene bir gezek tassyklaýar.

Farap sebitiniň taryhy ýol-ýörelgesi aýratyn öwrenilmeli baý ugurlara eýedir. Bu ýerde oguz-türkmen taýpalary dürli döwürlerde ýaşapdyrlar. Amyderýanyň suwy bilen ýetişdirilen ekinler, bag-bakja hojalygy, ýerli halkyň ýaşaýyş dessurlary Farabyň gadymy medeniýetiniň biri bolandygyny görkezýär. Şeýlelikde, ýaşaýyş şertleriniň amatlylygy sebäpli bu toprak diňe bir oba hojalygynyň däl, eýsem, söwda hereketleriniň hem esasy nokady bolupdyr. Horezm – Mawerennahr – Horasan ugrunda hereket eden kerwenleriň Farapda saklanmagy, düşlemegi, söwda alyş-çalyşygynyň, ussaçylyk önümleriniň we medeniýetiň ösmegine mümkinçilik döredipdir. Farap adynyň gadymdan bäri dürli görnüşlerde – Farav, Parap, Faraw ýaly – ulanylmagy sebitde Horezm, arap, türki medeniýetleriniň gat-gat bolup galandygyny görkezýär. Bu ýer diňe bir geografiki adyň däl, eýsem, taryhy gatlaryň ýüzlerçesiniň şu toprakda jemlenendiginiň hem subutnamasydyr. 

 Farap – suw boýnundan başlanan zolak, ýol ugrunda gurlan durmuş, halklaryň geçiş ýoly we gadymýetden bäri medeniýetleri birikdiren, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky nokady hökmünde baky ýaşaýandyr.