Gazagystan 2028-nji ýyla çenli serhetara söwda amallarynyň hemmesini sanly görnüşe geçirer

Noý 12, 2025 - 17:54
Noý 12, 2025 - 17:57
Gazagystan 2028-nji ýyla çenli serhetara söwda amallarynyň hemmesini sanly görnüşe geçirer

Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkezi eksport we import bilen bagly döwlet hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagynyň ýagdaýyny seljerdi diýip, Kazinform habar berýär.

Barlaglaryň netijelerine görä, daşarky ykdysady iş bilen bagly ähli hyzmatlaryň 81%-i eýýäm elektron görnüşe geçirilipdir, galan 19%-i bolsa entek kagyz görnüşinde amala aşyrylýar.

«QazTrade» merkeziniň maglumatyna görä, sanlylaşdyrylmaň galan hyzmatlary üç ýylyň dowamynda doly elektronlaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Sanly ulgama geçiriljek hyzmatlaryň hatarynda — harydyň gelip çykyş sertifikatlary (СТ-1, СТ-2, СТ-3, A, EAV, Original), synag protokollary, ekspertiza netijeleri, daşary ýurtlaryň çäginden geçmek üçin rugsatlar, ýük ulaglarynyň agram sertifikatlary, şeýle hem ATA karnetleriniň berilmegi ýaly resminamalar bar.

Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Žanel Kuşukowa, sanlylaşdyrmagyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin goňşy döwletler bilen sazlaşygyň zerurdygyny aýtdy.

Onuň bellemegine görä, eger goňşy ýurtlarda kagyz görnüşindäki resminamalar ulanylyp galsalar, Gazagystan hem şol ulgam bilen paralel işlemegiň zerurlygyna duçar bolar. Şonuň üçin ýurt bu ugurda Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň hem sanly ulgama geçmegine goldaw berýär.

Mundan başga-da, Gazagystan “CarGoRuqsat” elektron nobat ulgamyny serhet geçelgelerinde ornaşdyrmagy dowam etdirýär. Häzirki wagtda bu ulgam Hytaý, Özbegistan, Türkmenistan, Russiýa we Gyrgyzystan bilen serhet nokatlarynda üstünlikli işläp başlady.

Şeýle hem, Gazagystanyň Maliýe ministrligi tarapyndan berlen beýanatda aýdylmagyna görä, gümrük nokatlarynda emeli intellekt ulgamy ornaşdyrylýar. Bu ulgam deklarasiýadaky maglumatlary harytlaryň hakyky suratlary bilen deňeşdirip, tapawut ýüze çykanda awtomatik ýagdaýda howp alamatlaryny görkezýär. Häzirki wagtda ulgam synag tapgyrynda barýar.