Gazagystanda sosial ulgamlarda hasaba alynmak üçin ýaş çägi girizilmegi teklip edilýär

Noý 12, 2025 - 17:33
Noý 12, 2025 - 17:37
Gazagystanda sosial ulgamlarda hasaba alynmak üçin ýaş çägi girizilmegi teklip edilýär

Gazagystanyň parlamentinde (Mejlisde) Sanly kodeksiň taslamasy birinji okalyşda seredilýär. Taslamanyň çäklerinde sosial ulgamlarda hasaba alynmak üçin ýaş boýunça çäklendirme girizmek teklip edilýär.

Bu başlangyç bilen çykyş eden deputat Asgat Aýmagambetow bolup, onuň bellemegine görä, şeýle tejribe birnäçe ýurtlarda eýýäm ulanylýar.

— «Mysal üçin, Daniýada we Awstraliýada sosial ulgamlarda hasaba alynmaga diňe 15–16 ýaşdan rugsat berilýär. ABŞ-da, Angliýada we Irlandiýada bolsa bu mümkinçilik diňe ene-atalaryň ýörite rugsady we ulanyjynyň tassyklamasy arkaly berilýär. Biz hem şu Kanunyň çäklerinde şeýle düzgüni ornaşdyryp bileris» — diýip, deputat Aýmagambetow belläp geçdi.

Täze sanly kodeksiň maksady internet giňişliginde howpsuzlygy ýokarlandyrmak, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlarda bolmagyny kadalaşdyrmak we sanly giňişlikdäki şahsy maglumatlaryň goragyny güýçlendirmekden ybarat.