«John Deere» Türkmenistanda täze önümlerini synagdan geçirýär
Bu barada «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Waşingtonda geçirilen mejlisine gatnaşan «John Deere» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili Kolin Nelson belledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, mejlisde iki ýurduň abraýly döwlet düzümleriniňdir edaralaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
— Häzirki wagtda ýurtda pagta hem-de bugdaý ýygmakda peýdalanyljak täze önümlerimizi synagdan geçirýäris. Şunda suwy has netijeli we öndürijilikli ulanmak göz öňünde tutulýar. Nobatdaky duşuşyklarymyzdan anyk netijelere garaşýarys, has takygy, käbir türkmen hususy kärhanalarynyň «John Deere» kysymly tehnikalary satyn alyp bilmegine umyt edýäris. Şeýle forumlar bolsa birek-birek bilen özara bähbitleri utgaşdyrmagyň, täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň ýollaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär — diýip, «John Deere» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili Kolin Nelson belledi.
