Jemgyýet
Türkmenistanda 2026-njy ýylda ýaşaýyş-durmuş, saglyk maksatly, ýurduň ykdysadyýetine degişli ençeme desgalar açylyp ulanmaga berler
February 16, 2026 10:13 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylda Türkmenistanda giň möçberli gurluşyk taslamalary amala aşyrylar. 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, mekdepler we çagalar baglary ulanmaga berler. Aşgabatda täze ýaşaýyş toplumlary, Halkara pediatriýa we onkologiýa merkezleri, 4 müň orunlyk medeni merkez açylar. Şeýle-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi we birnäçe önümçilik, energetika, bilim desgalary ulanmaga tabşyrylar.
Ozal habar berşimiz ýaly, 13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler bilen bagly meselelere seredildi.
Mejlisiň barşynda «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany şu ýyl Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýyny hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýlerini, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny, Aşgabatda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurup ulanmaga tabşyryljakdygyny, şeýle-de Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini we Stomatologiýa merkezini ulanmaga beriljekdigini, «Arçman» şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlajakdygyny belledi.
Bularadan başga-da, şu ýyl Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy ulanmaga berler. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.