Saglyk
Sagdyn durmuş ýörelgeleri we howpsuzlyk çäreleri
February 4, 2026 12:15 • UTC+5 (Ashgabat) • 15 views

saglyk, sagdyn durmuş, sport, pyýada ýöremek, pasla görä geýinmek, çyglylygy arassalamak, derman, antibakterial, witamin, miwe, çaý, gök önümler, lukman, sanjym, kesel, öňüni alyş, howpsuzlyk, maşgalanyň saglygy
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli; Pasla görä geýinmeli; Wagtal-wagtal penjiräni ýa-da gapyny açyp, iş we öý otaglaryny ýelejiredip durmaly; Otaglarda çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli; Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem, antibakterial serişdeleri özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder; D we С witaminlere baý bolan miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma we pyrtykal şirelerini içmeli, kelem, käşir, sogan, sarymsak we beýleki gök-bakja önümlerini iýmeli; Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli; Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp almaly; Ýokanç däl keselleriň hataryna girýän howply täze döremeleriň ýurdumyzda ýola goýlan irki anyklaýyş barlaglaryndan öz wagtynda geçmeli.