Sport
“Karabag”-dan taryhy ýeňiş – Lissabonda “Benfikany” 3:2 hasaba bilen ýeňdi
September 17, 2025 12:22 • UTC+5 (Ashgabat) • 25 views
Çempionlar Ligasynyň – I tapgyry
“Karabag” (Azerbaýjan) futbol topary Çempionlar Ligasynda uly sürpriz bilen çykyş etdi – Lissabonda ýerli janköýerleriň öňünde çykyş eden “Benfikany” 3:2 hasaby bilen ýeňdi.
Oýnuň gidişi:- Oýnuň başynda Portugaliýanyň öňdebaryjy topary “Benfika” güýçli başlady.
- 6-njy minutda Enzo Barreneçea hasaby açdy — 1:0
- 16-njy minutda Wangelis Pawlidis ikinji goly geçirip, hasaby 2:0 etdi.
- Bu pursatda köp adam "Karabag" ýeňildi diýip pikir etdi.
- Emma “Karabağ” :
- 30-njy minutda Leandro Andrade pökgi bilen tapawudy 1 gola çenli azaltdy — 2:1
- 48-nji minutda Kamilo Duran garşylygyň merkezinde durup, deňme-deň hasaby gazandy — 2:2
- 86-njy minutda çalşylan oýunçy Oleksiý Kaşçuk, ýeňiş pökgisini geçirip, dramatiki ýeňşi gazandyrdy — 2:3
Statistikadan maglumatlar:- “Benfika” oýny dolandyrmaga synanyşsa-da, “Karabg” garşy hüjüm taktikasyny üstünlikli ýerine ýetirdi.
- “Karabagyň” düzümindäki birnäçe ýaş we täze futbolçylar bu ýeňşiň gazanylmagynda möhüm rol oýnady.
- 90-njy minutda Musa Gurbanly hem oýna girizilip, topary taktik taýdan güýçlendirdi.
Geljekki duşuşyklar:- “Benfika”: 30-njy sentýabrda myhmançylykda “Çelsi” bilen duşuşar.
- “Karabag”: 1-nji oktýabrda öýde “Kopengagen” bilen duşuşyk geçirer.