Syýasat
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylary we işgärleri sylaglanylar
January 22, 2026 12:10 • UTC+5 (Ashgabat) • 17 views

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirip, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglady, olara harby we ýörite atlary dakdy hem-de hünär derejelerini berdi. Döwlet Baştutany Watana wepaly gulluk edýän işgärleri gutlap, olaryň konstitusion düzgünleri we raýat hukuklaryny goramak wezipesine berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek barada degişli resminamalara gol çekdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylarynyň ata Watana wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny ygtybarly gorajakdyklaryna, kanunçylygy üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak wezipelerini yhlas bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.