Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Türkmen-ýapon ylmy- tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
February 12, 2026 17:23 • UTC+5 (Ashgabat) • 45 views

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koýnuma we ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşykda suw arassalaýyş we ýerasty baýlyklary gözlemek boýunça tehnologiýalar hem-de täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.