Jemgyýet
«Nebitgazçykaryş» tresti tarapyndan 334 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
February 26, 2026 10:49 • UTC+5 (Ashgabat) • 31 views

Türkmennebit döwlet konserniniň düzümindäki «Nebitgazçykaryş» tresti hasabat döwründe 334 müň tonnadan gowrak nebit çykardy. Meýilnama 107,69% ýerine ýetirildi. Işler Balkan welaýatynda, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki känlerde üstünlikli alnyp barylýar.
Balkan welaýatynyň nebitgaz ojaklaryny, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki gymmatly gorlaryň ägirt uly möçberini özleşdirmekde üstünlikli işler alnyp barylýar. Tutumly işlerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky önümçilik kärhanalarynda aýratyn işjeňlik görkezilýär.
«Nebitgazçykaryş» trestiniň işjanly nebitçileriniň işi has bellärliklidir. Olaryň şu ýylyň geçen hasabat döwründe çykaran «gara altynynyň» möçberi 334 müň 210 tonna golaýlady. Netijede, bu babatdaky meýilnama 107,69 göterime barabar boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, trestiň üstünliklerinde «Goturdepenebit», «Nebitdagnebit», «Gamyşlyjanebit», «Gumdagnebit», «Galkynyşnebit», «Ýaşyldepe» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň mynasyp goşandy bardyr.
Trestiň nebitçileri, esasan hem, ýurduň günorta-günbatar sebitlerindäki «Nebitlije», «Günorta Gamyşlyja», «Gögerendag», «Uzynada», şeýle hem «Keýmir», «Akpatlawuk», «Altyguýy», «Körpeje», «Guýjuk» we beýleki özleşdirilen nebitli we gaz kondensatly guýularda uglewodorod çig malyny gazyp almakda aýratyn tutanýerlilik görkezdiler.