Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy
January 22, 2026 12:09 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde 2025-nji ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden Ý.Nuryýew boşadyldy, onuň ornuna polkownik Ilaman Ilamanow bellenildi.