Talyplaryň arasynda geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär
February 21, 2026 08:01 • UTC+5 (Ashgabat) • 17 views

Türkmen oba hojalyk instituty geodeziýa boýunça V internet-olimpiada gatnaşjak talyplary hasaba alýar. Bäsleşik 16-njy aprelde geçiriler. Her ýokary okuw mekdebinden 5 talypa çenli gatnaşyp biler. 50 sowallyk test üçin 100 minut wagt berilýär. Ýeňijiler I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.