Bilim
Ýaponiýada bilim almak mümkinçiligi: 2027-nji ýyl üçin «MEXT» maksatnamasyna ýüztutmalar başlandy
April 22, 2026 16:52 • UTC+5 (Ashgabat) • 9 views

Ýaponiýanyň «MEXT» maksatnamasy üçin 2027-nji ýyl ýüz tutmalar başlandy. Türkmen ýaşlary Ýaponiýada doly maliýeleşdirilýän bilim mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.
Ýaponiýanyň hökümeti daşary ýurtly talyplar üçin niýetlenen «MEXT» (Monbukagakusho) döwlet talyp haky maksatnamasynyň 2027-nji okuw ýyly üçin resminamalary kabul edip başlandygyny yglan etdi. Bu maksatnama türkmenistanly zehinli ýaşlara Gündogar Aziýanyň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga giň ýol açýar.
Dalaşgärler öz bilim derejesine we gyzyklanmalaryna görä aşakdaky maksatnamalaryň birine ýüz tutup bilerler:
- Talyp-gözlegçi: Ylmy işler we magistratura/doktorantura basgançaklary üçin.
- Talyp (Bakalawr): Ýokary bilim almak isleýän orta mekdep uçurumlary üçin.
- Tehnologik kollejiň talyby: Tehniki we inženerçilik ugruna gyzyklanma bildirýänler üçin.
- Ýöriteleşdirilen okuw kollejiniň talyby: Amaly hünär başarnyklaryny ösdürmek isleýän ýaşlar üçin.
Türkmenistanyň raýatlary maksatnama gatnaşmak üçin resminamalaryny Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna tabşyrmalydyrlar.
- Resminama kabul edişlik: 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan 26-njy maýyna çenli dowam eder.
Bu talyp haky diňe bir okuw töleglerini doly ýapman, eýsem talyplaryň ýaşaýyş we sapar çykdajylaryny hem öz içine alýar. Ýaponiýanyň halkara standartlaryna laýyk gelýän bilim ulgamy, talyplara innowasion tehnologiýalar, medeniýet we ylym ulgamynda dünýä derejesindäki tejribäni toplamağa şert döredýär.
Gatnaşmagyň anyk şertleri, ýaş çäklendirmeleri we zerur bolan resminamalaryň sanawy barada jikme-jik maglumatlary Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.
Halkara bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän bu taslama, türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmyna goşulyşmagyna we geljekde ýurdumyzyň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleriň ýetişmegine uly goşant goşar.