Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçisi Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
February 20, 2026 16:54 • UTC+5 (Ashgabat) • 14 views

19-njy fewralda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçisi Ş.Geldynazarow Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň wise-prezidenti Sarpartap Singh bilen duşuşdy. Taraplar atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Akhal-Teke atlaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň tejribesi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy barada bellenildi.