Sport
Çempionlar ligasynda Ýarym final üçin ýene iki topar öz güýjini synar !!!
April 15, 2026 19:42 • UTC+5 (Ashgabat) • 17 views

UEFA çempionlar ligasynda ýarym final üçin göreş bugün has-da gyzykly dowam eder. Şu gün ýene iki oýun çempionatyň çäklerinde geçiriler. Oýunlar Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.
Şu gün UEFA Çempionlar ligasynda janköýerleri gyzyklandyrýan oýunlar bolar. Bu oýunlara Ýewropa El-klassikasy diýsek hem ýalňyşmarys. Ýagny Aliyans Arenada Germaniýanyň Bawariýasy Real madridi kabul eder. Duşuşygyň bir tarapynda çempionatyň fawority hökmünde görülýän Bawariýa bolsa beýleki tarapda UEFA Çempionlar ligasynyň 15 gezek çempiony bolan Real Madrid bardyr. Iki oýnuň jemi boýunça Bawariýa öz üstünligini saklap galyp bilermi ýa-da Real oýunda öwrüm (remontada) döredip bilermi. Oýun diýseň gyzykly pursatlara baý boljagyna şuwagtdan hem çaklap bolar. Sebäbi birinji oýunda Real Madrid topary öz öýünde Bawariýadan asgyn gelip 1:2 hasap bilen utulypdy. Şol sebäpli Real bu oýunda aryny almak üçin meýdança çykar.
Çempionatyň beýleki duşuşygynda Angliýanyň Primer ligasynyň lideri Arsenal öz öýünde Portugaliýanyň Sportingini kabul eder. Sporting kluby bu oýunda geçenki ýalňyşlarynyň üstünde işläp oýunda ýeňip bilermi ýa-da Çempionlyk bilen bu tapgyrda hoşlaşmaly bolarmy? Arsenal bu günki oýunda öz üstünligini saklap galmaga has-da ýakyn. Toparlara üstünlik arzuw edýäris. Oýunlaryň başlanýan wagty Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanýar.
Iki garşylaşma hem ýokary derejede taýynlykly bolup, ähli soraglara şu günki futbol gijesinde jogap taparys.
Siziň pikiriňiz biz üçin has-da gyzykly sport janköýerleri !!!