Tehnologiýa
iPhone 18 Pro täze tūni (bordo) reňkinde bolar, eplenýän iPhone bolsa has adaty reňklerde çykar
February 23, 2026 18:59 • UTC+5 (Ashgabat) • 22 views

Apple täze iPhone 18 Pro üçin üýtgeşik bordo reňkini taýýarlaýar. Ilkinji eplenýän iPhone Fold bolsa diňe gara we kümüş reňklerinde bolar.
Bloomberg-iň analitigi Mark Gurman Apple-iň geljekki iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri üçin täze "goýy gyzyl" ýa-da bordo reňkini synagdan geçirýändigini mälim etdi. Bu flagman Pro modelleriniň taryhynda ilkinji gyzyl öwüşginli reňk bolar. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň ilkinji eplenýän smartfony — iPhone Fold has agras reňklerde hödürlener. Onuň üçin diňe klassyk gara we kümüşsöw reňkleriň saýlanyp alynmagyna garaşylýar. Apple eplenýän modelde ýalpyldawuk däl-de, has professional dizaýna ünsi çekmek isleýär.