Tehnologiýa
«Mercedes-Benz» meşhur «S» kysymyny täzeleýär
January 6, 2026 15:31 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

«Mercedes-Benz» kompaniýasy S-Klasynyň täze görnüşini ýanwar aýynyň ahyrynda tanyşdyrar. Täze model täze dizaýn, kämilleşdirilen multimedia we «Drive Pilot» awtopilot ulgamynyň 110 km/sag tizlige çenli hereket edip bilýän täze wersiýasyny hödürleýär. Öňki modellerde tizlik 95 km/sag bilen çäklidir.
«Mercedes-Benz» kompaniýasy özüniň flagman «S» klasynyň täzelenendigini yglan etdi. Bu awtoulagyň tanyşdyrylyş dabarasy 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda bolar.
Awtoulag täze dizaýna, döwrebaplaşdyrylan multimedia ulgamyna we has kämil aýratynlyklaryna eýe bolar. Taslamanyň iň esasy täzeligi bolsa «Drive Pilot» awtopilot ulgamynyň kämilleşdirilmegidir. Häzirki wagtda bu ulgam 95 km/sag tizlik bilen çäklenen bolsa, täze görnüş awtoulagyň 110 km/sag tizlige çenli özbaşdak hereket etmegine mümkinçilik döreder.
Täze «Drive Pilot» ulgamy has döwrebap datçikler, kameralar, radarlar we lidarlar bilen enjamlaşdyrylyp, ýokary takyklygy we howpsuzlygy üpjün eder. «Mercedes-Benz» kompaniýasy bu gowulandyrmalaryň, esasan hem, awtopilotyň tizliginiň we durnuklylygynyň möhüm ähmiýete eýe bolan uzak aralyklarynda hem-de ýokary tizlikli ýollarda has-da duýuljakdygyny belleýär.
Şeýle-de bolsa, bu täzelik diňe «S» klasynyň täze modelleri üçin elýeterli bolar. Öň öndürilen awtoulaglaryň tizligi ozalkysy ýaly, 95 km/sag bilen çäklener we olara täze tehniki bölekleri gurnamak mümkin bolmaz.