Sport
Türkmen ýetginjekleriniň ýeňişli ýoly Kolombonyň kortlarynda dowam edýär
March 25, 2026 17:33 • UTC+5 (Ashgabat) • 43 views

Türkmenistanyň tennis boýunça U16 ýetginjekler ýygyndysy Kolombo şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogynda çärýekfinala çykdy. Omanyň we Mýanmanyň toparlaryny ýeňen türkmen tennisçileri pleý-off tapgyrynda Singapuryň ýygyndysy bilen bäsleşer.
Türkmenistanyň tennis boýunýa ýetginjekler ýygyndysy (U16) Kolombo şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynda möhletinden öň çärýekfinala çykdy. Omanyň toparyny ynamly ýeňenlerinden (3:0) soň, biziň tennisçilerimiz Mýanmanyň türgenleriniň garşysyna geçen dartgynly duşuşygy 2:1 hasabyndaky ýeňiş bilen jemlediler.
Mýanma bilen bolan duşuşykda kesgitleýji utugy Ali Geldiýew bilen Kerimgeldi Guldurdyýewden ybarat jübüt gazandy. Olar super taý-breýkde ýeňiş gazandylar (4:6, 6:3, 10:7). Ýekelikdäki bäsleşikde Ali Geldiýew hasaby deňledi, ol Da Wuny (6:4, 6:1) ýeňdi. Ondan öň bolsa Süleýman Hudaýberdiýew ilkinji duşuşygynda garşydaşyndan asgyn geldi.
Türkmenistandan başga-da, «B» toparçadan pleý-off tapgyryna çykmak Singapuryň ýygyndysyna miýesser etdi. Soňky tapgyrda toparlar toparçanyň birinji ornuny kesgitlemek üçin özara güýç synanyşarlar. Şeýle hem çärýekfinala Şri-Lankanyň, Malaýziýanyň, Filippinleriň, Wýetnamyň we Okeaniýanyň ýygyndy toparlary wagtyndan öň çykdylar. Umuman, ITF-iň deslapky saýlama ýaryşyna 15 topar gatnaşýar.