Sport
Doping gadagançylygy tamamlandy: Konor Makgregor 11-nji iýulda Las-Wegasda söweşer
March 27, 2026 08:26 • UTC+5 (Ashgabat) • 42 views

Conor McGregor 5 ýyllyk arakesmeden soň oktagona dolanýar. Doping gadagançylygy tamamlanan türgen 11-nji iýulda Las-Wegasda «UFC 330» çäklerinde ilkinji söweşini geçirer.
Irlandiýaly türgen Konor Makgregor bäş ýyllyk arakesmeden soň, «UFC» guramasyna gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Ol bu barada özüniň Instagram sahypasynda habar berdi.
Iki agram derejesinde «UFC-niň» ozalky çempiony bolan Makgregoryň 18 aýlyk çetleşdirilmeginiň möhleti 20-nji martda tamamlandy. Bu çäklendirme «Combat Sports Anti-Doping» tarapyndan 2025-nji ýylyň oktýabrynda girizilipdi. Türgen 2024-nji ýylda üç gezek doping barlagyndan geçmändigi sebäpli, wagtlaýyn tertipde ýaryşlardan çetleşdirlipdi.
Žurnalist Ariel Helwaniniň maglumatlaryna görä, Makgregoryň dolanyp gelmegi bilen gatnaşjak ilkinji duşuşygyny 11-nji iýulda Las Wegas şäherinde geçiriljek «UFC 330» ýaryş agşamynyň çäklerinde guramak meýilleşdirilýär.
Makgregoryň MMA karýerasynda 22 ýeňşi we 6 ýeňlişi bar. Ol «UFC-niň» taryhynda ilkinji bolup bir wagtda iki agram derejesinde — ýarym ýeňil we ýeňil agramda çempionlyk guşaklaryna eýe bolan türgendir.