Sport
«Arkadag» futbol topary «Al-Nassr» bilen jogap duşuşygyny geçirmek üçin Er-Riýada bardy
February 16, 2026 17:42 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

«Arkadag» futbol topary AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygyny geçirmek üçin 18-nji fewralda Er-Riýada «Al-Nassr» bilen meýdança çykýar. Oýun sagat 23:15-de başlanar.
«Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygyny geçirmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna bardy. Türkmenistanyň çempiony 18-nji fewralda Er-Riýad şäherinde ýerli «Al Nassr» futbol klubynyň garşysyna ýaşyl meýdana çykar.
11-nji fewralda Aşgabat şäherinde toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk geçirilipdi. Indi duşuşyk bolsa jogap oýny bolup, toparlaryň haýsy biriniň çärýek finalda çykyş etmäge hukuk gazanjakdygyny kesgitlär.
Duşuşyk 18-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 23:15-de başlanar.