Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
February 20, 2026 07:47 • UTC+5 (Ashgabat) • 23 views

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaichi-ni Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitindäki duşuşygy ýyly ýatlamalar bilen belläp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy hem-de berk jan saglyk we üstünlik arzuw etdi.