Ykdysadyýet
Daşary ýurtly işewürleriň türkmen karbamidine islegi artýar
January 5, 2026 11:26 • UTC+5 (Ashgabat) • 17 views

Geçen hepdede daşary ýurtly işewürler bilen 12 geleşik baglaşyldy, jemi bahasy 6,324 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 324 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň telekeçilerine portlandsement ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 333 million manada golaý bolan hlorly kalini, tehniki kükürt kislotasyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), nah matany satyn aldylar.