Ekologiýa
Hazar deňziniň geljegi üçin iri maýa goýum: Bütindünýä banky täze ekologiýa taslamasyny tassyklady
April 13, 2026 17:43 • UTC+5 (Ashgabat) • 10 views

Bütindünýä banky 11,7 mln $ grant bilen ekologiýa taslamasyny tassyklady. Maksat — hapalanmagy azaltmak we biologik köpdürlüligi goramak.
Hazar deňziniň ekoulgamyny dikeltmek we gorap saklamak ugrunda halkara derejesinde möhüm ädim ädildi. Bütindünýä banky sebit ýurtlarynyň daşky gurşawy hapalanmakdan goramak hem-de biologik köpdürlüligi saklamak baradaky mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen täze taslamany maliýeleşdirmegi resmi taýdan tassyklady. 2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde kabul edilen bu maliýe bukjasy Hazar sebitiniň ekologiýa howpsuzlygy üçin täze sahypany açýar. Bu barada “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.
Täze ekologiýa başlangyjy Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň işjeň gatnaşmagynda durmuşa geçiriler. Taslamanyň amala aşyrylmagy üçin Bütindünýä ekologiýa gaznasy (GEF) tarapyndan 11,74 million ABŞ dollary möçberinde grant serişdesi bölünip berildi.
Mundan başga-da, Bütindünýä banky goşmaça 8,24 million dollar möçberindäki aýratyn taslamany hem Direktorlar geňeşiniň garamagyna hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu taslamalaryň utgaşdyryjy we ýerine ýetiriji guramalary hökmünde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirligi (UNOPS) çykyş eder.
Hazar deňziniň ekoulgamyny dikeltmek taslamasy üç sany strategik ugurdan ybaratdyr:
- Hapalanmagy dolandyrmak (3,9 mln dollar): Deňiz gurşawyna zyýan ýetirýän galyndylary we zyňyndylary gözegçilikde saklamagyň döwrebap mehanizmlerini döretmek.
- Tebigy çäkleri goramak (3,9 mln dollar): Aýratyn goralýan tebigy zolaklaryň ulgamyny ösdürmek we sebitdäki biologik köpdürlüligi dikeltmek.
- Ulgamlaýyn dolandyryş: Taslamanyň utgaşykly işlemegini we gatnaşyjy ýurtlaryň institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmagy üpjün etmek.
Bu başlangyç diňe bir maliýe kömegi bolman, eýsem Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky ekologiýa diplomatiýasyny we hyzmatdaşlygy täze derejä çykarar. Hapalanmagyň öňüni almak boýunça täze mehanizmleriň ornaşdyrylmagy deňiz ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, hususan-da sebit üçin gymmatly bolan balyk gorlarynyň we beýleki janly-jandarlaryň saklanyp galmagyna oňyn täsir eder.
Bütindünýä bankynyň bu karary, dünýä jemgyýetçiliginiň Hazar deňziniň tebigy baýlyklarynyň we ekologik ýagdaýynyň ählumumy durnuklylyk üçin ähmiýetini ykrar edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.