Tehnologiýa
Gazagystanda ýolagçy otlularynda hem-de uçarlarynda internet işläp başlar
January 6, 2026 16:50 • UTC+5 (Ashgabat) • 21 views

2026-njy ýylda Gazagystanyň ýolagçy otlularynda we «Air Astana» uçarlarynda älem (sputnik) interneti işe giriziler. Şeýle hem, 5G torlary 20 şäherde ösdürilýär we oba ýerlerinde 6 müňden gowrak obany ýokary tizlikli optiki internet bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. «Soňky kilometr» taslamasy arkaly 400 müň hojalyk we 2,5 million adam internet bilen üpjün ediler.
2026-njy ýylda Gazagystanyň «Қазақстан темір жолы» kompaniýasynyň ýolagçy otlularynda we «Air Astana» awiakompaniýasynyň uçarlarynda älem (sputnik) interneti ulanylmaga berler. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, emeli intellekt we sanly ösüş ministri Jaslan Madiýew hökümet maslahatynda habar berdi.
Ministriň bellemegine görä, häzir ýurduň içinde üç älem internet operatory işläp gelýär, geljekde iki daşary ýurt kompaniýasy hem ulanyşa girizilmegi göz öňünde tutulýar. Taslama boýunça synag işler 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle-de, ýerli häkimlikler ýerli budjet serişdeleriniň hasabyna syýahatçylyk we elýeterli bolmadyk sebitleri älem internedi bilen üpjün etmegi göz öňünde tutulýar . Ýurtda awtomobil ýollaryny mobil aragatnaşyk bilen üpjün etmek taslamasy hem alnyp barylýar. Şeýlelikde, geljek iki ýylyň içinde 40 müň kilometre golaý ýoly bu ulgama giriziler.
Ministr 5G torunyň ösdürilýändigini hem belledi: häzirki wagtda 20 şäherde elýeterlidir, geljekde bu şäherleriň 75%-ine el ýeterli bolar. Oba ýerlerinde sanly infrastruktura ösdürmek maksady bilen, 6 müňden gowrak obany ýokary tizlikli optiki internet bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. «Soňky kilometr» taslamasy arkaly bolsa, 400 müň hojalyk optiki torlara baglanyp, 2,5 million adam ýene-de bu ulgam bilen üpjün ediler.