AFK 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň bije çekişliginiň senesini başga wagta geçirdi
March 28, 2026 21:34 • UTC+5 (Ashgabat) • 107 views

Aziýa futbol konfederasiýasy (AFK) 11-nji aprelde Er-Riýadda geçirilmegi meýilleşdirilen 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň bije çekişligini näbelli möhlete geçirdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysy "D" toparçasynda 12 utuk bilen birinji orunda barýar. Toparyň ykbalyny çözjek iň möhüm duşuşyk 31-nji martda Bangkokda Tailandyň ýygyndysyna garşy geçiriler.