Sport
«Real» ýene-de «Benfika» bilen duşuşar: Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň bijeleriniň netijeleri
January 30, 2026 19:22 • UTC+5 (Ashgabat) • 28 views

«Real» topary ýene-de «Benfika» bilen duşuşar. Ilkinji oýunlar 17–18 fewralda, jogap oýunlary 24–25 fewralda bolar. Galyplar 1/8 finala çykýar.
30-njy ýanwarda UEFA-nyň Nondaky (Şweýsariýa) ştab-kwartirasynda 2025/26-njy ýyllaryň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň bijeleriniň çekiliş dabarasy geçirildi.
Bijeleriň netijelerini size hödürleýäris:
«Benfika» (Portugaliýa) – «Real» (Ispaniýa)
«Monako» – «PSŽ» (ikisi hem Fransiýa)
«Galatasaraý» (Türkiýe) – «Ýuwentus» (Italiýa)
«Borussiýa D» (Germaniýa) – «Atalanta» (Italiýa)
«Garabag» (Azerbaýjan) – «Nýukasl» (Angliýa)
«Brýugge» (Belgiýa) – «Atletiko» (Ispaniýa)
«Býode-Glimt» (Norwegiýa) – «Inter» (Italiýa)
«Olimpiakos» (Gresiýa) – «Baýer» (Germaniýa)
Ilkinji duşuşyklar 17-18-nji fewralda sanawda birinji görkezilen toparlaryň meýdançalarynda geçiriler. Jogap oýunlary bolsa 24-25-nji fewralda bolar.
Iki oýnuň netijesi boýunça ýeňiş gazanan toparlar Kubok ugrundaky ýaryşy 1/8 finalda dowam ederler. Bu tapgyrda olar ozaldan garaşýan «Arsenal», «Bawariýa», «Liwerpul», «Tottenhem», «Barselona», «Çelsi», «Sporting» we «Mançester Siti» ýaly toparlaryň hataryna goşularlar.