Jemgyýet
Arkadag şäherine ilaty göçürmek: Gahryman Arkadagymyz toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy
March 8, 2026 11:09 • UTC+5 (Ashgabat) • 24 views

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ilatyny göçürmek we Haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygyna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadag täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işler bilen tanyşmagynyň dowamynda ilaty ýaşaýyş jaýlaryna göçürmek meselelerine ünsi çekdi. Şäher häkimi G.Mämmedowanyň hasabatyna görä, göçürip getirmek işleri ýörite maksatnama esasynda alnyp barylýar. Milli Liderimiz bu prosese toplumlaýyn çemeleşmegiň, binalaryň sanly enjamlaşdyrylyşynyň we "Döwlet adam üçindir!" diýen şygaryň talaplarynyň berjaý edilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de, maslahatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň maksatnamasyna garaldy.
Çeşme: "Watan" habarlar gepleşigi, Amul Info