«Oglym indi deň-duşlary bilen pökgi oýnaýar»: Kerki etrabynyň ýaşaýjysy Nasiba Hudaýkulowanyň täze umydy
March 29, 2026 11:01 • UTC+5 (Ashgabat) • 59 views

Kerki etrabynyň ýaşaýjysy Nasiba Hudaýkulowanyň ogly Jangeldiniň ykbaly Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň kömegi bilen düýpli üýtgedi. Enäniň aýtmagyna görä, çylşyrymly operasiýadan soň onuň ogly indi kadaly durmuşda ýaşaýar.