Bilim
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy
April 4, 2026 09:41 • UTC+5 (Ashgabat) • 18 views

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Aknabat Atabaýewany wezipesinden boşadyp, ýerine Baýram Taňryberdiýewi belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda ýokary bilim ulgamyna degişli möhüm üýtgeşmeler girizildi.
Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Aknabat Orazmyradowna Atabaýewa başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.
Şeýle hem Permana laýyklykda, bu wezipä Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýew bellenildi. Ol öň Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesinde işleýärdi we täze wezipä bellenilmegi bilen öňki wezipesinden boşadyldy.
Bu baradaky maglumat «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.