Syýasat
Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer ýüküni ibermek bellenildi
March 14, 2026 08:51 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oraza aýy we mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik kömegi iberiler.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Oraza aýy we mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda, ýurduň çagalaryna dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, beýleki önümlerden ybarat ynsanperwerlik ýüküni ibermek bellenildi.