Bilim
Türkmenistanda ÝUNISEF bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
February 18, 2026 10:53 • UTC+5 (Ashgabat) • 26 views

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen UNICEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda çaganyň irki ösüşi, inklýuziw bilim, «Ýaşyl mekdep» maksatnamasy hem-de howa durnuklylygy boýunça bilelikdäki işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň duşuşygy geçirildi.
Ministrligiň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda çaganyň irki ösüşini, inklýuziw bilimi ösdürmegi, şeýle hem bilim ulgamynda howa durnuklylygy we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak meseleleri boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýän işleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýany taýýarlamak we ýurduň 55 mekdebinde başlangyç synpa taýýarlyk boýunça synag maksatnamasyny durmuşa geçirmek, «Ýaşyl mekdep» bilelikdäki maksatnamany üstünlikli amala aşyrmak, inklýuziw bilim boýunça alnyp barylýan synag işleriniň gerimini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli bölümleri bilen ÝUNISEF-iň bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlarynda ýakyn utgaşykly işlemäge taýýardygy tassyklandy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirildi.