Saglyk
Gizlin howp: köne plombanyň aşagyndaky karies näme üçin zyýanly?
February 22, 2026 11:54 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

Lukman ikilenç kariesiň sebäplerini, plombanyň könelmegine degişli alamatlary we diş nerwini gorap galmagyň ýollaryny düşündirdi.
Hirurg Sewak Barsegýan köne plombalaryň aşagynda döreýän ikilenç kariesiň howplary barada duýdurýar. Her bir plombanyň möhleti ortaça 5–7 ýyl bolup, wagtyň geçmegi bilen olaryň gyralarynda mikro-ýaryklar emele gelýär. Bakteriýalar şol ýaryklardan girip, dişiň içini zaýalaýar. Eger diş süýji ýa-da sowuk zada duýgur bolup başlasa, onda kariesiň çuňlaşandygyny aňladýar. Lukman dişleriň saglygy üçin her alty aýdan barlagdan geçmegi maslahat berýär.