Jemgyýet
«Göroglygallaönümleri» kärhanasynda 6 müň tonnadan gowrak un öndürildi
March 12, 2026 17:44 • UTC+5 (Ashgabat) • 23 views

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky Göroglygallaönümleri kärhanasynda ýylyň ilkinji iki aýynda 6 müň tonnadan gowrak un öndürildi.
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Göroglygallaönümleri» kärhanasynda şu ýylyň ilkinji iki aýynda dürli görnüşli unuň 6 müň tonnadan gowragy halka ýetirilip, önümçiligiň bu ugry boýunça 100 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Çörek öndürilýän bölümde taýýarlanylýan çörek we çörek önümleri gyzgyny bilen alyjylara ýetirilýär. Ýanwar-fewral aýlarynda yhlasly zähmet çeken çörek bişirijiler bu önümleriň 27 tonnasyny öndürdiler. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 103,8 göterime barabar boldy.