Ekologiýa
«Ýylgynagyz» baş suw akabasy dolup akyp başlady
February 14, 2026 11:35 • UTC+5 (Ashgabat) • 52 views

Amyderýanyň sag kenaryndaky «Ak altyn», «Bataş» we «Ýylgynagyz» düzlüklerindäki ekin meýdanlaryny suwarmak üçin gurlan «Ýylgynagyz» akabasy täzeden dolup akyp başlady. Suw göterijileriň abatlanmagy netijesinde, akabanyň suw geçirijilik ukyby doly dikeldildi. Bu ýyl ekerançylar bugdaý, gowaça we dürli aralyk ekinleri ösdürmegi meýilleşdirýärler.
Amyderýanyň sag kenaryndaky «Ak altyn», «Bataş», «Ýylgynagyz» düzlüklerindäki ekinleri suwarmak üçin gurlan «Ýylgynagyz» baş suw akabasy ýene-de dolup akyp başlady. Derýanyň sag kenaryndan gözbaş alýan akaba ilkinji basgançakda bu ýerde gurlan kuwwatly suw göterijileriň kömegi bilen läbik suwlary 10 metrden 59 metr belentlige çenli göterip, ekerançylyk meýdanlarynyň süýji suwa talabyny doly kanagatlandyryp bilýär. Suw göterijileriň abatlanmagy we täzeleri bilen çalşyrylmagy netijesinde, indi akabanyň suw geçirijilik ukyby doly dikeldildi. Netijede, geçen ýyl güýzde ekilen bugdaý meýdanlary ep-esli giňeldildi. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler we mülkdarlar şu ýyldan başlap bu düzlüklerde gowaça, bugdaý bilen birlikde, dürli aralyk ekinleri ekmegi-de meýilleşdirýärler. Munuň özi ýaýlada ekin dolanyşygyny kadaly ýola goýmaga şert döreder.