Ahal welaýat häkimligi durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin potratçylary işe çagyrýar
January 27, 2026 17:15 • UTC+5 (Ashgabat) • 15 views

Ahal welaýat häkimligi welaýatda durmuş-medeni binalary, inženerçilik ulgamlaryny we köçeleri gurmak, abadanlaşdyrmak işlerini ýerine ýetirmek üçin resmi görnüşde bellige alnan we döwlet ygtyýarnamasy bolan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar.