Russiýanyň öňdebaryjy lingwistik ýokary okuw mekdebinde türkmen dili okadylyp başlanar
March 10, 2026 17:20 • UTC+5 (Ashgabat) • 26 views

Moskwa döwlet lingwistik uniwersitetinde türkmen dilini okatmak meýilleşdirilýär. Bu barada rektor Irina Kraýewa bilen Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýewiň duşuşygynda bellenildi. Şeýle-de uniwersitetde Türkmen dili we medeniýeti merkezini döretmek başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy.