Jemgyýet
Koreýa Respublikasynyň emeli aň baradaky kanuny
February 16, 2026 11:49 • UTC+5 (Ashgabat) • 23 views

Koreýa Respublikasy dünýäde ilkinji bolup emeli aň baradaky kanuny kabul etdi. «Emeli aňyň esaslary hakynda» («AI Basic Act») kanuny 6 bölümden we 43 maddadan ybarat bolup, kompaniýalaryň emeli aň algoritmleriniň iş ýörelgelerini düşündirmäge we ulanyjylary duýdurmaga borçlydygyny kesgitleýär. Şeýle hem kanun emeli aň mazmunlarynda aýratyn duýduryşlar goýmagy we AI ösüşini goldamagy nazara alýar.
Koreýa Respublikasy dünýäde ilkinji bolup emeli aň baradaky hemmetaraplaýyn kanuny döreden döwlet boldy. Ýurtda «Emeli aňyň esaslary hakynda» kanun («AI Basic Act») güýje girdi diýip, «The Wall Street Journal» neşiri habar berdi.
Resminama 6 bölümden ybarat bolup, 43 maddany öz içine alýar. Kanunda kompaniýalar isleg bildirilen ýagdaýynda, EA (Emeli Aň) ulgamlarynyň işleýiş logikasyny düşündirmäge we adamyň bu işe goşulmagyna mümkinçilik döretmäge borçly edilýär.
Şeýle hem, eger hyzmat emeli aň algoritmleri esasynda işleýän bolsa, kompaniýalar bu barada ulanyjylara (meselem, ekranda peýda bolýan duýduryşlar arkaly) habar bermelidirler. Bu düzgün, şol sanda karz alyjylaryň we işe girmäge dalaşgärleriň ukyplaryna baha berýän ulgamlar üçin hem degişlidir.
Hakyky durmuşdan tapawutlandyryp bolmaýan, emeli aň tarapyndan döredilen mazmunlarda ýörite duýduryşlar ýerleşdirilmelidir. Mundan başgada, kanun ýurtda emeli aňyň ösüşini goldamagyň ýollaryny hem kesgitleýär.