Türkmen suratkeşi Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň medaly bilen sylaglandy
March 18, 2026 08:05 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

Türkmen suratkeşi Amanmyrat Modyýew Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasy tarapyndan medal bilen sylaglandy. Sylag gowşurylyşy Baku şäherinde geçirilen sergi dabarasynyň çäginde geçirildi. Suratkeş türki halklarynyň medeni we çeper gymmatlyklaryny wagyz etmekdäki goşandy üçin sylaglanyldy.