Jemgyýet
Türkmenistanda Adaty hytaý lukmançylyk merkezini açmak meýilleşdirilýär
March 19, 2026 16:58 • UTC+5 (Ashgabat) • 45 views

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň duşuşygynda Türkmenistanda Adaty hytaý lukmançylyk merkezini we “Lu Ban ussahanalaryny” açmak meýilleşdirilýär. Taraplar bilim, ylym we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Si Szinpin ýakyn wagtda Türkmenistanda Adaty hytaý lukmançylyk merkezini we “Lu Ban ussahanalaryny” açmak boýunça taslamalaryň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri we ylym hem-de bilim ulgamlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen ýaşlaryna Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
HHR-iň Başlygy Hytaýyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, intellektual eýeçilik we atçylyk ugurlarynda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de ol Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň ýokary ekologik derejesi bilen tapawutlanýandygyny belläp, Hytaýyň oba hojalyk pudagynda, hususan-da, ýokary öndürijilikli tehnikalary ibermek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” energetikany ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, duşuşykda ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda pikir alşyldy.