Bilim
Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Hünäri boýunça rus dili» atly okuw kitaby neşir edildi
March 25, 2026 16:59 • UTC+5 (Ashgabat) • 50 views

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Hünäri boýunça rus dili» atly täze okuw kitaby neşir edildi. Ol işewür dil başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurtlar bilen ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi, ylym-bilim ulgamlarynda alyş-çalyş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklarynyň çuňlaşmagy ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek üçin zerur şertler döredildi we bu ugra aýratyn üns berilýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Hünäri boýunça rus dili» atly täze okuw kitaby (awtory: T. Babaýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. «Hünäri boýunça rus dili» okuw kitaby («Halkara ykdysady gatnaşyklary» hünäri boýunça talyplar üçin) degişli okuw maksatnamasynyň esasynda taýýarlanyp, dile ýöriteleşdirilmedik ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenendir. Okuw kitaby 136 sagatlyk okuw maksatnamasyna laýyklykda düzülip, talyplarda dürli ugurlarda işewürlik gatnaşyklarynda we ýazuw hat alyşmalarynda ulanylýan endikleriň we başarnyklaryň ösdürilmegine tarap gönükdirilendir.
Okuw kitabynyň esasy maksady häzirki zaman işewür diliniň leksikasyny we grammatikasyny özleşdirmek üçin zerur bolan bilimleri bermekden ybaratdyr. Şeýle hem ol talyplara işewürlik gepleşiginiň aýratynlyklary, gepleşikleriň dürli görnüşleri, resminamalary taýýarlamak, şertnamalary baglaşmak, işewür duşuşyklary geçirmek, prezentasiýa etmek we gepleşikleri alyp barmagyň usullary barada düşünje berýär. Okuw kitabynda özbaşdak işlemek üçin ýörite tekstler we degişli ýumuşlar hem ýerleşdirilendir.