«Coca-Cola» kompaniýasynyň girdejisi 11,8 milliard dollardan geçdi
February 16, 2026 12:27 • UTC+5 (Ashgabat) • 22 views

«Coca-Cola» kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde 11,82 milliard $ girdeji gazandy. Paýnamalaryň bahasy bir ýylda 22% ýokarlandy, bazar bahasy 335 milliard $ boldy. 2026-njy ýyl üçin girdeji +4–5%, paýnama ösüşi +7–8% diýlip çaklanýar.