Ykdysadyýet
Birža täzelikleri: Çarşenbe güni 67,6 million manatlyk pagta süýümi satyldy
April 23, 2026 17:45 • UTC+5 (Ashgabat) • 10 views

TDHÇMB söwdalarynda 67,6 million manatlyk pagta süýümi satyldy. Şeýle hem nebit önümleri, un we beýleki harytlar boýunça millionlarça dollarlyk geleşikler baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 67 million 635 müň manada deň bolan pagta süýümi satyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.
Türkmen telekeçileriniň 2024-nji ýylyň hasyly bolan pagta süýümini eksport etmek şerti bilen “Türkmenpagta” döwlet konserninden satyn aldylar.
Şeýle hem ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden jemi bahasy 9 million 680 müň manada barabar bolan TPP Z 30 G kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Daşary ýurt puluna Gonkongdan gelen telekeçiler SN-600 kysymly başlangyç ýagy we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 815 müň 480 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Mundan başga-da, türk işewürleri umumy bahasy 1 million 518 müň 400 ABŞ dollaryna deň bolan 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 28 million 74 müň ABŞ dollaryna deň bolan geleşik baglaşyldy.