Türkmenistan–HHR Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisiniň jemleri
March 10, 2026 13:07 • UTC+5 (Ashgabat) • 22 views

Pekin şäherinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy arasynda Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň 9-njy mejlisi geçirildi. Taraplar bilim, medeniýet we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de täze bilelikdäki taslamalary ösdürmek boýunça ylalaşyklara geldiler.