Sport
Türkmenabat şäheriniň futbolçylary Lebap welaýatynyň çempiony boldy
March 27, 2026 19:07 • UTC+5 (Ashgabat) • 44 views

2026-njy ýylyň 24-25-nji martynda 2014-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda Lebap welaýatynyň birinjiligini almak ugrunda futbol ýaryşy geçirildi. Gyzgalaňly geçen bäsleşikde «Türkmenabat 2014» topary ýeňiji boldy.
Lebap welaýatynda ýaş futbolçylaryň arasynda geçirilen welaýat birinjiligi uly gyzyklanma döretdi. Ýaryşa welaýatyň dürli künjeklerinden jemi 8 topar gatnaşyp, olar bije çekişlik arkaly iki topara böldüler. «A» toparda Türkmenabat 2014, Saýat, Kerki we Darganata toparlary, «B» toparda bolsa Türkmenabat 2015, Farap, Dänew hem-de Hojambaz toparlary bäsleşdiler.
Ýarym final duşuşyklarynda «Türkmenabat 2014» topary Farabyň futbolçylaryny 2:1 hasabynda, «Türkmenabat 2015» bolsa Saýat toparyny 4:0 hasabynda utmagy başardy. Şeýlelikde, finalda Türkmenabat şäheriniň iki güýçli topary duşuşdy. Final oýny örän täsirli geçip, «Türkmenabat 2014» topary öz garşydaşyny 3:0 hasabynda ýeňip, Lebap welaýatynyň çempiony diýen hormatly ady eýeledi.