BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça iki sany Kararnama kabul etdi
December 27, 2025 11:15 • UTC+5 (Ashgabat) • 32 views

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde 2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan durnukly energiýa we durnukly ulag boýunça iki möhüm Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada habar berildi.