Syýasat
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
April 25, 2026 08:04 • UTC+5 (Ashgabat) • 8 views

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen birnäçe möhüm kadr üýtgetmeleri geçirildi:
• Merdan Poladow – Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi bellenildi
• Azat Gurbanow – Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi bellenildi
• Magtymguly Saryýew – pensiýa sebäpli wezipesinden boşadyldy
• Baýram Çungaýew – başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadyldy
• Baýram Baýramow – şol bir wagtda Kuweýtde ilçi wezipesine hem bellenildi
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Merdan Bebitowiç Poladowy Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 24-nji apreli.
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Azat Rejepmyradowiç Gurbanowy Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 24-nji apreli.
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Magtymguly Saryýewiç Saryýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 24-nji apreli.
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 24-nji apreli.
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 24-nji apreli.